فرستنده webmasterدر تاريخ ۱۳۸۸/۱۲/۱۱ ۱۴:۰۰:۰۰ (31 بار خوانده شده)
Ak Welsapar[b ] آق مخمد ول صاپار
GARAGUMDA BITEN GÜL
گلي روئيده در صحراي قره قوم
Annasoltan Kekilovanyñ keç ykbaly اقبال كج انا سلطان
BIZIÑ GAPYMYZDAN DAGLAR GÖRÜNÝÄR…
Annasoltan Kekilova 1942-nji ýylda Aşgabady alkymlap oturan Köşi obasynda dogulýar. Annasoltanyñ aýratyn zehinlidigi ýaşlykdan bildiripdir, ilkinji goşgularyny ol entek mekdep okuwçysyka ýazypdyr. Annasoltanyñ iñ wepaly okyjysy we diñleýjisi ejesi Ogulgerek eken. Ogulgerek daýzanyñ özi-de örän şahandaz aýal bolupdyr. Ol könelerden galan goşgulary öz çagalaryna ýatdan aýdyp berer eken. Ýaşajyk Annasoltanyñ şahyr bolup ýetişmeginde ejesiniñ täsiriniñ uly bolandygyny Annasoltanyñ: ”Sen maña erteki ýaly aýdymlaryñ bilen egsilmez joşguny, bagty, ýagty umydy sowgat etdiñ, eje jan. Sen meni gök asmanyñ astynda öz patañ bilen uzak ýollara atardyñ. Şonuñ üçinem seniñ öñüñde dyza çökýärin…” diýen setirlerinden bilse bolýar.
Annasoltanyñ ady dili düşýär, respublikanyñ gazet-jurnallary onuñ ýönekeýden owadan setirlerini höwes bilen çap edýärler. Ol öz ilkinji goşgularynda önüp-ösen obasynyñ, daglaryñ gözelligini wasp edýär. Emma siñe syn etseñ, şol irki goşgularynda-da Annasoltanyñ eýýäm dünýäniñ gurluşy baradaky oýlanmalary ýüze çykýar. Ol tebigaty diñe synlap ýa-da wasp edip oñmaýar, tebigatyñ üsti bilen käbir filosofiki pikirleri öñe sürmäge synanyşýar. ”Şol daglañ hem ýüreginiñ dagy bar” diýmesi onuñ şahyr ýüreginde irgözünden dörän haýsydyr bir ünjüden habar berýär. Ol öz ýüregindäki ünjüni daglar, agaçlar, guş-gumursy bilen paýlaşmak, olar bilen derdinişmek isleýär:
Biziñ gapymyzdan daglar görünýär, Şol daglañ hem öz ýüregniñ dagy bar. Çabgalar jar ýasan dereleriniñ Almaly, injirli gözel bagy bar. بيزينگ قاپيمزدان داغلار گورونيار شول داغلانگ هم اؤز يوره گي نينگ داغي بار
چاوغالار جار ياسان دره لرينگ آلمالي انجيرلي گوزل باغي بار
Basym onuñ goşgulary gazet-jurnallaryñ sahypalarynda görnüp ugraýar. Türkmen Döwlet Universitetiniñ türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girensoñ ýaş şahyryñ goşgularynyñ çap edilmegi adaty zada öwrülýär. Şol döwürde onuñ goşgulary ”Mydam taýýar”, ”Ýaş kommunist”, ”Edebiýat we sungat” gazetlerinde ”Sovet Türkmenistanynyñ aýallary” jurnalynda çap edilýär. Annasoltanyñ edebiýatda ilkinji ädimleriniñ şowly bolmagynda onuñ meşhur Şaly we Aman Kekilovlaryñ maşgalasyndan bolmagy, elbetde, täsir edýär, oña şübhe ýok. Ýöne, görnüşine görä, Annasoltan hiç haçanam Kekilovlaryñ maşgala şöhratyna ýaplanyp, añsadyna bakmakçy bolmandyr, edebiýatda-da, durmuşda-da öz ýoluny gözläpdir. Muny şahyryñ aşakdaky setirler doly subut edýär:
Eger-de meñ boljak bolsa duşmanym, Ajdarha dek belent bolsun dünýäde. Kül üstünde oturandan bimaza, Gowudyr özüñi oklanyñ oda.
فرستنده webmasterدر تاريخ ۱۳۸۸/۱۲/۵ ۱۸:۰۰:۰۰ (33 بار خوانده شده)
Türkmenistandan Türkieda okayan studentleriň topary sayty
Penşenbe, 2007-02-22 06:46-de, Orazdurdy yazdy! Basga Sohbetdeshlik 1[b]. Siz www.turkmens.com saýtyny haçan döretmäge başladyňyz? Başlamagyňyza kim ýa-da näme sebäp boldy?[/b ] 1996 ýa-da 1997de başlady, dostlarymyz bardy, türkmen oglanlar bardy. Bu ýerde (Ankarada) tanyş bolan Dr. adamlar bardy, Agöýli hoja bardy. Gürrüň edemizde şeýle bir sahypa mätaçdigi mälim boldy.Türkmen medeniýetini tanatmak gerekdi, onam men pikir etdim, onsuzam başga türkmeni şeýle tanatýan sahypa ýokdy. Şeýdip özüme wezipe bildim şu işi. Muny edip biljek, başarjak adam hem ýokdy dogrysy. Menem özüme hobi ýaly hasap etdim, köp iş bar dogry ýöne, işden soň wagtyňy boşa gitdireniňden halkymyza peýdaly zat edenim gowy.
2. Munça habardyr materiallary tapmak size kyn gelenokmy, men-a size telpek goýýaryn!? Telpekmi? Hehehe..Daşyndan seretseň kyn ýalydyr, emma aslynda maňa kyn görnenok. Sebäbi özüm türkmen, dostlarymyz bar, tanyşlarymyz bar. Özüm Türkmenistana hem gidip gelýän, dostlarymyz, Eýrandan bolan dostlarymyz kömek etýärdi. Bolmasa, özüň hem maýa goýmaly bolýar. Çykdaýjy çykarmaly bolýaň, özümde hem ýagdaýym bardy çykdaýjylary garşylamaga, pulum bardy Hudaýa şükür.. 3. Syýasat bilen gyzyklanýaňyzmy, has takygy, siziň saýtyňyz syýasatdan täsirini alýarmy?[size=medium] ] Biziň syýasat bilen hiç baglanyşygymyz ýok. Goşulmaýas. Sebäbi syýasaty dogry iş göremok. Meselem peýdaly, haýyr etjek bolsaň, syýasatdan başga ýollar bar. Biz syýasaty aýry tutmaga gaýrat edýäris.
4.Türkmenistan barada begençli habaryňyz, guwanýan we gynanýan tarapyňyz barmy?
Öňi bilen in begençli zat Türkmenistan döwletiniň barlygy. Dünýäde Eýran bolsun, Owganystan bolsun, Ýewropa bolsun, Türkmenistanyň ilaty näçe bolsa, şonça hem daşynda ýaşaýar. Olaryň döwletleri ýok, özbaşdaklygy ýok. Onuň üçin bir döwletiň bolmagy, olara daýanç ýeri, arkadag bolup durýar. Biziň üçin iň uly begenç şol. Şonda-da saklamak üçin hemmämiz gaýrat etmeli. Türkmenistan döwleti ýokarda bolsa, biz hem ýokarda bolarys. Gynanýan tarapym şu; elbetde gynanmak hem bolmaýar, hemme zat üçin wagt gerek, yuwaş-yuwaşdan hemme zat bolar. Taryha seretseň, hiç zat 1-2-3 günde bolanok, Türkmenistan häzir ýaş döwlet. Türkiýe bilen garşylaşdyrsak, ol hem türkmen döwletidir, 80 ýaşy geçipdir, Türkmenistan bolsa 15 ýaşady. Gelen ýerlerine serediň. 15 ýylda köp ýol gidipdir. Emma isleýän zadymyz köp! Näme berseňiz, ýene-de biz isläris. Köp okuw isleýäs, ykdysatyýetiň mundan-da köp ösmegini isleyas. 5. Türkmen we daşary yurtly haýsy şahyrdyr, ýazarlary halap eserlerini okaýarsyňyz, olary bize-de maslahat berýäňizmi?
Walla, türkmen diýmek, Magtymguly diýmek. Magtymgulyny herkim okamaly, her türkmen bilmeli. Emma ýeke Magtymgulydäl, ondan başga-da köp şahyrlarymyz bar. Hemmesi internet saýtymyzda bar. Hemme şahyrlarymyzy okaň. Gadymy taryhymyzy biliň. Şol möhümdir. Magtymgulynyň özi bolsa aýratyn bir zat. 6. Daşary ýurtlarda we Ata Watanymyzda dürli ugurlarda okaýan we işleýän biz ýaşlara näme maslahat berýärsiňiz?